Habar

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna we aň-düşünje taýdan kemala gelmegine ýardam berilýär. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetinden, medeniýetinden, jemgyýetçilik-durmuş ugurlaryndan oňat baş çykarýan, ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döwlet derejesinde şertler döredilýär. Şeýle ajaýyp şertlerden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen «Watan waspy dillerimiziň senasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşikde ýeňiji bolan harby gullukçylara  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan hormat hatlary hem-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Harby gullukçylaryň bu döredijilik ýeňişleri mukaddes Watanymyza bolan mizemez söýgüni ýaşyl tugymyzyň öňünde beren wepadarlyk kasamyna bolan buýsanjy has-da artdyrdy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza biz harby gullukçylaryň alkyşlary egsilmezdir.

Taýýarlan:

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň

Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar

guramasynyň başlygy uly leýtenant

                                         K.Baýgeldiýew