Habar

2023-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagy, şeýle hem korrupsiýa garşy göreşmek boýunça sebitara okuw çäresi geçirildi. Çäreler Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi     hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti bilen bilelikde guraldy.

Gümrük gullugynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Özbegistanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä gümrük guramasynyň we beýleki ygtyýarly edaralaryň hünärmenleri, şeýle hem hyzmatdaşlar we hemaýatkärler gatnaşdy.

Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara ýygnagynyň barşynda Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň häzirki ösüş, geljegi, kynçylyklary we ileri tutulýan ugurlar we sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuw çäresiniň agzalary bolsa döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek we korrupsiýa garşy göreş, hukuk goraýjy ulgamlarda we beýleki döwlet edaralarynda dogruçyllygy we bitewiligi üpjün etmek meselelerine jikme-jik syn berdiler.

Duşuşykda çykyş eden Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary, soňky ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini belläp, mundan beýläk hem özara bähbitli hereketi ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady.