Habar

2023-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna gol çekdiler.

Häzirki döwürde ýakyn goňşy ýurt bilen hyzmatdaşlyk diňe bir özara bähbitli esasda däl, eýsem, tutuş sebitde abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Iki döwletiň çäginden geçirilýän üstaşyr gatnawlaryň möçberleri artýar.

Söwda we ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmeginde we hil taýdan ýokarlanmagynda gümrük hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň öňünde duran umumy wezipeler ikitaraplaýyn we halkara söwdany ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmek bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňemegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnama özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, soňky ýyllarda emele gelen infrastrukturanyň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna we gümrük barlag nokatlarynda netijeli gözegçiligiň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Resminamada, hukuk taýdan düzgünleşdirmek, maglumat alyşmak, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş, üstaşyr mümkinçilikleri ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hem-de özara tejribe alyş çäreleri göz öňünde tutulýar.