Habar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Ukrainanyň telekeçileri “Türkmennebit” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçilerine nah ýüplük, jins we nah matalar, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, pagta soapstogynyň distillirlenmedik çig ýag turşulyklary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 307 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 150 million manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.