7-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisindäki eden çykyşynda temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurdygyny belläp geçdi. Mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň döwrebap edara binasynyň mejlisler zalynda, Daşoguz welaýatynyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, bilim, saglygy goraýyş hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz nesihat çäresi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň “Sagdyn durmuş ýörelgesi” syýasatynyň häzirki we geljekki ýaş nesillerimiz üçin örän möhüm bolup durýandygyny wagyz nesihat çäresine gatnaşan ýaşlara düşündirildi.
Habar
Habarlar
Gümrük maglumatlary
Gümrük tölegleri
Şahsy taraplar üçin
Ýuridiki taraplar üçin
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary