Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri, Merkezi edaranyň we Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde 2023-nji ýylyň 13-15-nji iýuny aralygynda geçirilen Gümrük ygtyýarlyklarynyň gurluşyny taýýarlamak boýunça sebitara maslahatyna gatnaşdylar.
«Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMKA 10)» maksatnamanyň çäginde gurnalan bu maslahat, gümrük işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça usulyýet gollanmalaryny işläp taýýarlamak meselesine gönükdirilen.
Maslahatyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük işgärlerini taýýarlamakda okuw usulyýetleri boýunça tejribe alyşdylar.
Okuw merkeziniň müdiri öz çykyşynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi işgärleri taýýarlamakda täze çemeleşmeleri işe girizmek bilen, ilkinji nobatda işgärleriň ruhy taýýarlygyna, ahlak we psihologiki durnuklylygyna ünsi berýär. Munuň özi, işgärleriň maşgala agzalary bilen söhbetdeşligi, işgärleriň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrylmagy, muzeýlere baryp görmek, watançylyk filmlerine tomaşa etmek we ş.m. ýaly medeni we terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri göz öňünde tutýar. Bu çemeleşmäniň höwesjeň, watanperwer işgärleri taýýarlamakda oňyn netijäni berýär.