2023-nji ýylyň 26-njy iýulynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň, Daşary işler ministrliginiň, serhet we gümrük gulluklarynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekiliýeti tanyşdyryş sapary bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna geldi. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde guraldy.
Çäräniň maksatnamasy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we Täjigistanly wekiliýetiň ikitaraplaýyn duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda wekiliýet Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, Gümrük gullugynyň döreýşi, häzirki wagtda alnyp barylýan işler, gümrük edaralaryna ornaşdyrylýan sanly ulgam, täze tehnologiýalar bilen tanyşdyryldy.
Soňra myhmanlar Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda döredilen iş şertleri bilen tanyşdylar, bu ýerde döredilen seljeriş merkezini gördüler. Bu seljeriş merkezinde ähli gümrük nokatlaryna merkezleşdirilen gözegçilik amala aşyrylýar. Binanyň birinji gatynda ýerleşýän muzeýe, şeýle-de sport enjamlary bilen abzallaşdyrylan otaga hem-de sport zalyna baryp gördüler. Gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak bölüminde myhmanlar ASYCUDA WORLD maglumat ulgamynyň işi bilen tanyşdylar. Bu ulgam Türkmenistanyň gümrük edaralaryna 2020-nji ýylda ornaşdyrylyp, häzirki wagtda ulgamdan doly derejede peýdalanylýar.
Mundan başga-da, Täjigistanyň wekiliýeti Halkara Gümrük Terminalyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine baryp gördüler.