Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň daýhanlary tarapyndan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly güýjünde işledilýär. Şeýle hem welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär.

Welaýatda güýzlük ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg, bugdaý ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, şeýle hem ekiş möwsüminde daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanmak üçin zerur tagallalar edilýär. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi, bugdaý ekiljek ýerleriň ekiş möwsümine bellenen möhletlerde we talabalaýyk taýýarlanylmagy hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we kombaýnlary pagta ýygymy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň esasydygyny belledi we welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilişini hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilişini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilişine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, geljek ýylyň hasyly üçin welaýatyň bugdaý meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri bellenen talaplara laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda bolsa ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, bugdaý ekiljek meýdanlaryň, ýokary hasylly tohumlaryň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, etraplardaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi babatda-da birnäçe tabşyryklar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şu günler gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary, pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ak ekin meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamagyň çäklerinde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler dowam edýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň, bugdaý ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjünçiligi berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalaryny, terezileri ýygym möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek hem-de bu ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň bellenen talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli, talabalaýyk geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilişine, ekiş möwsüminde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişi boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.