Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Ýosihide Suga döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we onuň geljekki ösüşiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Premýer-ministr Ýosihide Suga hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi we oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda köp sanly taslamalaryň, şol sanda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy boýunça möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy munuň aýdyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bu gün ýaponiýaly hyzmatdaşlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmaga öz goşandyny goşýarlar. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ýapon kompaniýalaryna we maliýe düzümlerine ýurdumyzda zerur goldaw beriljekdigini ynam bildirdi. 

Nebitgaz toplumy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk pudaklary, suw hojalygy, dokma senagaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň we olaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolan medeni-ynsanperwer ulgama möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Söhbetdeşler ylym-bilim ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen hünärmenlerini okatmakda we taýýarlamakda berýän goldawy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň bu ugurda üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Lebap welaýatynda Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belledi. Milli energetika ulgamynda möhüm hasaplanylýan bu desga ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatynyň artdyrylmagyna itergi bermek bilen, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Sugany gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Milli Liderimiz şol saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Birek-birege ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.