Habar

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň wekiliýeti Aşgabada iki günlük iş sapary bilen geldi.

Russiýanyň gümrükçileriniň iş sapary 2022-2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparynyň duşuşyklaryny geçirmek üçin guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda wekiliýetleriň agzalarynyň iş duşuşuyklary geçirildi. Duşuşykda Bilelikdäki Meýilnamada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi, geljeki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durulyp geçildi. Husuan-da, Ygtyýarly ykdysady operatoryň degişli edaralaryny özara ykrar etmek baradaky ylalaşygyň taslamasy, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda harytlar we ulag serişdeleri geçirilende ýönekeý gümrük geçelgesi amalyny ulanmak barada taslama, Russiýanyň gümrük akademiýasynda işgärleri taýýarlamak meselesi, özara maglumat alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir, 19-njy sentýabrda, Halkara gümrük terminalyna baryp görmek we Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda gepleşikleri geçirmeklik meýilleşdirilýär.