2023-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň 3-nji maslahatynda “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Gümrük kodeksine Ygtyýarly ykdysady operator, oňa berilýän ýeňillikler hem-de onuň hukuklary we borçlary barada kadalary göz öňünde tutýan täze bap girizildi.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ygtyýarly ykdysady operatorlaryň sanawa girizilen ýuridiki şahslara degişli harytlar gümrük serhedinden geçirilende tiz we ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirilýär. Bulardan başga-da, bu şahslaryň daşary ýurtlara eksport edýän harytlary babatda hem şeýle ýeňilliklerden peýdalanmaklary üçin degişli işler alnyp barylýar.