2023-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 2-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Okuw Merkeziniň işgärleri Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Okuw maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Latwiýa Respublikasynyň Döwlet serhet goragynyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA-10) çäginde gurnaldy.
Çäräniň maksady, okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gümrük we serhet gulluklarynyň okuw bölümlerine innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ösdürmekdir.
Okuw maslahatyň çäginde gatnaşyjylaryň ýolbaşçylyk we işgärleri dolandyrmak ugrundaky başarnyklaryny ösdürmek üçin sapak geçirildi we gatnaşyjylar hünär ülňüleri ulgamy bilen tanyşdylar we höweslendiriş we öndürijilik bahalandyryş ulgamyny ulanmakda tejribe alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet serhet Institutyna baryldy we Institutyň wekilleri tarapyndan gatnaşyjylar üçin hünär we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary, elektron kitaphanasy, muzeýi, döwlet serhet goragynda ulanylýan tehnikalaryň mysaly modelleri bilen giňişleýin tanyşdyryş çäresi guraldy.