Döwletimizde bag ekmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amal edilýän beýik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen başlanan bu nusgalyk işler Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Her ýylda iki möwsümde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralaryna merdana Watan goragçylary hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hem güýzki bag ekmek dabaralary 4-nji noýabrda üstünlikli geçirildi. Asylly ýörelgelere eýerip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary hem bu çärelere işjeň gatnaşdylar. Bu güýzki bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde Döwlet gümrük gullugy tarapyndan dürli görnüşli ýüzlerçe täze bag nahallary ekilip, 30 müňden gowrak baglara bolsa ideg edildi. Bu çäreler Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda, welaýat gümrükhanalarynda, ähli gümrük nokatlarynda we beýleki degişli ýerlerde üstünlikli geçirildi.