Habar

Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda gümrük nokatlaryny maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, olara häzirki zaman ulgamlary bilen enjamlaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Maksatnamanyň çäginde ýurdumyzyň serhetýaka gümrük nokatlarynda daşary ýurt sürüjileriň ýakyndan tanyşmaklary we işjeň ulanmaklary üçin, gümrük resmileşdirmesine degişli maglumatlary elektron görnüşinde giňden tanyşmaga mümkinçilik berýän monitorlar (infokiosklar) gurnaldy.

Bu monitorlaryň üsti bilen daşary ýurt sürüjiler gümrük tölegleriň görnüşleri we möçberi, olaryň hukuk esaslary hem-de serhetlerde gümrük amallary bilen bagly özlerini gyzyklandyrýan beýleki maglumatlary elektron görnüşinde ýurdumyzyň serhetleşýän goňşy ýurtlarynyň döwlet dillerinden başga-da türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde tanyşyp bilmekleri üçin şertler döredilen.

Bu bolsa, halkara ýük daşamalaryna gatnaşýan daşary ýurt sürüjileriň gümrük işi barada hukuk düşünjeleriniň ýokarlanmagyna we gümrük tölegleriniň dogry tölenmegine, netijede bolsa serhetýaka gümrük nokatlarynda ulaglaryň we ýükleriň hereketiniň çalt geçirilmeginde ähmiýetlidir.