Habar

2023-nji ýylyň 18-23-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Hytaýyň Şençjen şäherine iş sapary boldy. Saparyň dowamynda wekiliýetimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük edarasynyň Gözegçilik we Kärhanany Dolandyryş Bölüminiň Baş müdiriniň orunbasary jenap Žu Fang we Ygtyýarly Ykdysady Operator (YYO) ulgamy boýunça hünärmenler bilen duşuşdy. Duşuşyk Şençjen gümrükhanasynyň edara binasynda geçirildi. Onuň dowamynda taraplar 2023-nji ýylyň 19-njy oktýabryndaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Hytaýyň Şençjen, Sindao we Şenýan gümrükhanalaryndan YYO hünärmenleri degişli YYO maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň tejribeleri we kynçylyklary barada çykyş etdiler. Bu ugurda gazanylan tejribe bilen has ýakyndan paýlaşmak hem-de YYO hünärmenleri we YYO statusyny eýe bolmaga isleg bildirýän kärhanalaryň wekillerini okatmagyň barşy bilen tanyşdyrmak üçin YYO Okuw merkezine baryldy. Bu okuw merkezi Şençjen gümrükhanasynyň garamagynda hereket edýär.

Iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Hytaýyň monitor öndürýän KTC Technology Co., LTD kompaniýasynyň edara binasyna hem-de önüm öndürýän zawodyna baryp görüldi. Bu ýerde kompaniýa YYO sertifikatyny bermek üçin alynýan testiň, söhbetdeşligiň barşy bilen amalyýetde tanyşyldy.

Mundan başga-da, saparyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň deslapdan haýyşy esasynda “Mawan akylly deňiz portuna” hem-de Şençjeniň halkara poçta ugratmalaryny amala aşyrýan merkezine saparlar guraldy.