Habar

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezi üçin ýöriteleşdirilen okuw enjamlary alnyp ulanmaga berildi.

Bu enjamlar dünýä ülňilerine laýyk gelýän iň kämil enjamlar bolup, olar awtoulaglary we ýükleri barlamak üçin niýetlenen ýörite enjamlardyr. Okuw merkezinde amaly okuw wagtynda ulanyljak bu enjamlar gümrük işgärleriniň gümrük serhediniň üstünden bikanun geçirilmäge synanyşyklaryň öňüni almakda hünär başarnyklaryny artdyrmakda goldaw berer.

Bulardan başga-da, Maksatnama okuw prosesinde ulanmak üçin tehniki enjamlary bilen üpjün etdi. Bu enjamlar Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň ýaş hünärmenleriň dünýä tejribelerinden ugur alnyp taýýarlanylmagynda ýardam berer.