Habar

2024-nji ýylyň 5-7-nji marty aralygynda Aşgabatda dürli üstaşyr ulgamlary, olara bildirilýän talaplar we ulanylyşy boýunça okuw maslahaty geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan ABŞ-nyň Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek gullugy (USAID) bilen bilelikde guraldy. Döwlet gümrük gullugyndan sany wekili okuw maslahatyna gatnaşdy.  

Latwiýanyň Döwlet girdeji gullugynyň Gümrük müdirliginiň bilermenleri okuw maslahata gatnaşýan gümrük işgärlerini gümrük üstaşyr babatda halkara hukuk binýady we üstaşyr amallary bilen bagly öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, Latwiýada TIR kitapçasynyň ulanylyşy we başga-da dürli üstaşyr amallaryny ulanmakda tejribesi bilen paýlaşdylar.

Bu çäräniň maksady, birinjiden, üstaşyr amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ikinjiden, üstaşyr ulgamy babatda kanunçylyk binýadyny sazlaşdyrmak, üstaşyr babatda maglumatlary alyşmak we Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin gollanmany işläp düzmeklige gönükdirilendir.