2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri Özbegistan Respublikasynyň Gümrük komitetiniň Gümrük institutynyň (Institut) mugallymlary bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar. Duşuşyk 2022-nji ýyldaky Işgärleri taýýarlamak çygrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäginde guraldy.
Özbek tarapyndan duşuşyga Institutyň Gaýtadan taýýarlamak we hünär kämilleşdiriş, Ylmy barlaglar we ylmy işgärleri taýýarlamak bölüminiň, şeýle hem halkara gatnaşyklar boýunça gullugynyň mugallymlary we işgärleri gatnaşdylar.
Institutyň mugallymlary gümrük işgärlerini gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini kämilleşdirmek boýunça okuw işiniň guralyşy, ylmy işlerini ýöredilişi barada gürrüň berdiler hem-de Institutyň bilim maksatnamasynyň Bütindünýä gümrük guramasynyň PICARD hünär standartlary bilen utgaşdyrmak boýunça alnyp barylan işleri boýunça tejribesini paýlaşdylar.
Okuw merkeziniň işgärleri hem öz gezeginde gümrük işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça öz tejribeleri bilen paýlaşyp, ýokarda agzalan Ähtnamanyň çäginde mundan beýläk hem meýilnamalaýyn esasda özara tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.