Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iş toparlary tarapyndan energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, maşgala gatnaşyklaryny, weterinariýa işini, ýer babatda hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan we beýleki hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär.

Şeýle hem daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — Awstriýa” we “Türkmenistan — Kipr” parlamentara dostluk toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň barşynda bu düzümleriň işini kämilleşdirmek we ugurdaş komitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Daşary söwda düzgüni hakynda Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça Aziýanyň ösüş bankynyň geňeşçileriniň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň wekilleri bilen geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdylar.

Deputatlaryň amala aşyrylýan döwlet syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny wagyz-nesihat etmek boýunça alyp barýan işleri barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrüň talabyna görä üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgamy ösdürmek, bank hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriň görnüşlerini artdyrmak, menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky tarapyndan teklip edilýän “Menzilara bank” ulgamynyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Bank hyzmatlarynyň bu görnüşiniň işe girizilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, şunuň bilen birlikde, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň, elektron tölegleriň geriminiň yzygiderli artýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap enjamlar we serişdeler arkaly degişli känlerde ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulanyş-baha beriş guýularynyň buraw işlerine girişildi. Mundan başga-da, täze burawlanýan gaz guýularynyň ýerüsti gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maddy-tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen ilatymyzy ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýazlyk ekinleri ekmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda welaýatlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Munuň üçin gowaça tohumlary hem-de oba hojalyk tehnikalary taýýarlanyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyza gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi yzygiderli dowam etdirmegiň, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyny, gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini belledi. Bu möwsüm pagtaçy daýhanlaryň öňünde örän möhüm wezipeleri goýýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda işewürligi goldamak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary öndürmäge ýöriteleşdirilen “Üznüksiz çeşme” hojalyk jemgyýetini döretmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň we “Üznüksiz hyzmat” hususy kärhanasynyň paýly gatnaşmagynda dörediljek täze önümçilik ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga goşant goşmaga, daşary ýurtlardan getirilýän elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlaryň möçberini azaltmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek boýunça durmuşa geçirilýän özgertmeleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyz üçin möhüm bolan elektrik energiýasyny toplaýjy we saklaýjy enjamlary özümizde öndürmek işini ýola goýmaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyny belläp, bu ugurda dörediljek bilelikdäki hojalyk jemgyýetiniň işinde häzirki zaman talaplaryndan ugur alynmalydygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar. Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürlik maslahatlarynyň, forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahat Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriler.

Bellenilişi ýaly, bu çärä Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletlerden hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Forumyň işi “Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», “Sanly media we habarlar”, “Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar” atly dört bölümde dowam eder. Meýilnama laýyklykda, myhmanlar üçin taryhy ýerlere gezelençleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşlyklary guramak, olaryň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyň işine gatnaşmaklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Onda halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny giňden beýan etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýokary derejede geçirilýän halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar dünýäniň bilim, ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrundaky möhüm ädimlerdir.

Halkara bilim hyzmatdaşlygy babatda gazanylanlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, ylym-bilimiň geljegi uly ugurlary boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 10-11-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde makroykdysadyýet hem-de 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny, 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 15-nji aprel — 1-nji maý aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigi; 6 — 11-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny; 11-nji maýda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22 — 25-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklar we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň 4-5-nji iýunynda bolsa paýtagtymyzda Ylymlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Halkara çäreleri ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny hem üpjün etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen sylaglanylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, ylma we döredijilige höwesini artdyrmaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 10 — 13-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministri bilen Wenada geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlaryna garaldy. Sebit we ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak barada beýan eden başlangyjynyň ähmiýeti nygtalyp, bu halkara hukuk guralyny bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri esasynda işläp taýýarlamagyň wajypdygy aýdyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň Baş sekretary hem-de Awstriýanyň Federal Prezidentiniň edarasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet Federal ministrliginiň hem-de Federal Ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda söwda-ykdysady, maliýe-bank, energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, gurluşyk ulgamlarynda, “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ätiýaçlandyryş işi, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Awstriýa Türkmenistan bilen özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Awstriýanyň Federal Ykdysady palatasynda türkmen-awstriýa “tegelek stol” duşuşygy guraldy. Oňa dostlukly ýurduň degişli döwlet düzümleriniň birnäçesiniň we kompaniýalarynyň 25-siniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Wenanyň diplomatik akademiýasynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine bilim we talyplary alyşmak ulgamynda özara gatnaşyklar bilen bagly mesele girizildi. Iki ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, bilelikdäki ylmy-amaly maslahatlary, beýleki çäreleri guramak meselelerine garaldy. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomatik okuwlar boýunça halkara foruma agza bolmagyny ykrar edýän resmi hat gowşuryldy. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti Awstriýanyň Graz tehnologiýa uniwersitetine hem baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we agzalan ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Saparyň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Binýatlyk ylalaşyga gol çekildi. Şunuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň awstriýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olarda saglygy goraýyş, söwda, senagat ulgamlarynda, işewür düzümleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garaldy.

Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmen-awstriýa işewürlik geňeşini döretmek, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Awstriýa öýüni açmak, şu ýylyň iýun aýynda Wena şäherinde türkmen-awstriýa iş toparynyň 12-nji mejlisini geçirmek, dekabr aýynda bolsa awstriýaly işewürleriň Türkmenistana saparyny guramak, özara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän degişli resminamany taýýarlamak bilen bagly teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi we saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, şähergurluşyk, söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Wenada geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde köpugurly türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam berjekdigini belläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we açylmagy netijesinde, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän daşary ýurtly ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde işledilmegine ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy halkara standartlara laýyklykda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa menziliniň ýolagçy terminalynyň üpjünçiligini häzirki döwrüň talaplaryna görä saklamak maksady bilen, nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, täze halkara howa gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny belledi. Munuň özi howa menzilini doly kuwwatyna çykarmagy hem talap edýär. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna hem-de ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, ýurdumyzda ýene-de sanlyja günden Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruzyň ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydygyny nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.