2024-nji ýylyň 26-29-njy marty aralygynda Lebap welaýat gümrükhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde döredilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Port gözegçilik toparlary üçin bilelikdäki okuw türgenleşigi guraldy.
Okuw türgenleşigi «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň meýilnamasynyň 2024-nji ýylyň 1-nji ýarymýyllygy üçin Iş meýilnamasynyň çäginde geçirilip, onuň maksady Port gözegçilik toparlarynyň agzalarynyň töwekgelçilikli ýükleri profilirlemek, olary saýlamak we bikanun ýük daşamalaryň öňüni almak hem-de töwekgelçilikleriň derňewi, möhürleriň galplaşdyrylmagyny kesgitlemek, resminamalary we ýükleri barlamagyň usullary boýunça bilimlerini artdyrmak.
Sapaklaryň dowamynda, oňa gatnaşyjylar 1972-nji ýyldaky konteýnerler babatyndaky gümrük konwensiýasynyň degişli düzgünleri bilen tanyşdylar. Çäräniň maksatnamasynda Gümrük gullugynyň nukdaýnazaryndan intellektual eýeçilik hukugy, Konteýnerlerde ýaşyryn ýükleri daşamagyň usullary, Bütindünýä gümrük guramasynyň ContainerCOMM platformasy we beýleki mowzuklar girizildi.
Okuw çäresi, Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermeni jenap Swetlan Sawow tarapyndan geçirildi.