Habarlar

Türkmenistanlylar 2019-njy ýyly gülläp ösýän Watana buýsanç bilen garşyladylar
2 Ýan
Türkmenistanlylar 2019-njy ýyly gülläp ösýän Watana buýsanç bilen garşyladylar

Türkmenistanlylar Täze, 2019-njy ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Asylly däp boýunça paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezi täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi.

Bu ýerde köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary belli estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň hem-de ýaşlaryň gatnaşmagynda tomaşaçylara şatlyk paýlaýan Täze ýyla bagyşlanan aýdym-sazlara tomaşa etdiler. Soňra teleköpriniň kömegi arkaly Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabaralaryna yzly-yzyna ýurdumyzyň welaýatlary goşuldylar. 

Tolgundyryjy pursat ýetip geldi. Bu ýerde guralan ekranlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Oguz han” Köşkler toplumyndan Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy göni ýaýlym arkaly tutuş halkymyza ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň jemlerini jemläp, ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda uly sepgitlere ýetilendigini, esasan bolsa halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanandygyny belledi. Indi bolsa 2019-njy ýyly özygtyýarly Watanymyzyň täze üstünliklere ýetjekdigine uly umyt bildirip garşylaýarys.

Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl gutlagyndan soň, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we täze, 2019-njy ýylyň ýetip gelendigini habar berýän baýramçylyk feýerwerki “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginler bilen bezedi. 

http://www.turkmenistan.gov.tm