Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy we Sport ulag merkezine bardy
23 Few
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy we Sport ulag merkezine bardy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy.

IIM-niň buýurmasy esasynda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu düzüme degişli gurluşyk birleşigi alyp barýar. Her biri iki gatdan ybarat bolan jaýlarda giň otaglaryň bäşisi ýerleşdirilendir. Ýurdumyzda häzirki döwürde bina edilýän ähli ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bu ýerde hem ýaşaýjylar üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi göz öňünde tutulypdyr.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň maddy üpjünçiligini we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň, şahsy düzümleriň we olaryň maşgala agzalarynyň mynasyp işleri hem-de ýaşaýyşlary üçin zerur şertleri üpjün etmek döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanar.

Döwlet Baştutanymyz täze jaýlarda türkmen halkynyň däp-dessuryna laýyklykda, toý çärelerini we beýleki dabaralary guramak, myhman kabul etmek, sadakalary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýratyn belledi. Şunuň ýaly ýaşaýyş jaýlary bina edilende halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr we milli ýörelgeler, häzirki zaman mümkinçilikleri hem-de tejribeleri bilen utgaşmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz IIM-niň Sport ulag merkezine geldi. Bu ýerde ministr Belent Serkerdebaşymyza merkeziň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygynyň barşy we diň meýdançasynyň gurluşygynyň tamamlanandygy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli täze sport welosipedi sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli görnüşli we dürli kysymly sport ulaglarynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Olar Sport ulag merkeziniň ygtyýaryna ýakynda gelip gowuşdy. Döwlet Baştutanymyz sport ulaglarynyň tehniki aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy we olaryň tizlik boýunça aýratynlyklary bilen jikme-jik gyzyklandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuş maksatly we beýleki edara binalarynyň taslamalary, şeýle hem olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Taslamalary synlap we olara degişli bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde köpçülikleýin medeni çäreleri guramaga niýetlenen sahnanyň ýerleşdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz diň meýdançasynyň ýollary, onuň öwrümleri we ugurlary barada gürrüň berýän çyzgylar bilen tanyşdy.

Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän ýoluň uzynlygy 300 metre, ini bolsa 145 metre deňdir. Diň merkeziniň umumy meýdany 4,35 gektara barabardyr.

Milli Liderimiz täze ýoly synagdan geçirmezden öňürti, ähli zerur taýýarlyk çärelerini geçdi. Döwlet Baştutanymyz ýoluň we awtomobiliň tigirleriniň gyzgynlyk derejesini ölçedi. Olar awtomobil sporty boýunça ýaryşlaryň düzgünine laýyklykda kesgitlenen derejä laýyk bolmalydyr. Bu görkezijiler ulagyň aňrybaş tizligine we ýerine ýetirilýän çylşyrymly öwrümleriň netijelerine täsir edip bilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Nissan» kysymly täze sport ulagyna atlanyp, onuň görkeziji enjamlaryny gözden geçirdi we howpsuzlyk kemerini dakyndy. Milli Liderimiz ilki bilen ulagyň synag sürüşini amala aşyrdy we ýoluň aýratynlyklaryny öwrendi.

Synag sürüşinden soňra döwlet Baştutanymyz sport ulagyna ýokary derejede erk etmegiň ussatlygyny görkezdi. Milli Liderimiz diň ýoly boýunça birnäçe çylşyrymly öwrümleri we ýokary tizlikde beýleki hereketleri ýerine ýetirdi.

Drift boýunça ussatlyk görkezen hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň «Nissan» kompaniýasynyň ulaglarynyň artykmaçlyklaryny belläp, dünýäde iri awtomobil öndürijiler bilen tejribe alşylmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şondan soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňra ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, bu ýerde sport ulaglarynda sürüşi amala aşyrdylar.



www.turkmenistan.gov.tm