Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenan gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi boldy
7 Mar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara zenan gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresi boldy

Şu günler Halkara zenanlar gününiň şanyna baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň ählisinde geçirilýär. Şeýle dabara 2019-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem geçirildi.

Onda Gullugyň gelin-gyzlaryna Döwlet Baştutanymyzyň adyndan 60 manat möçberde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler zenanlaryň adyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Ata-bablarymyz zenana-enä çuňňur hormat goýmagyň şöhratly däbini, gyzlara we gelinlere mähirli garamagy, ajaýyp zenanlary hormatlamak we goramak baradaky parasatly öwüt-ündewleri miras goýupdyr.

Bu geçirilen dabaraly çäre şu däbe pugta eýerilýändiginiň aýydň subutnamasydyr.

Dabara gatnaşan Gullugymyzyň gelin-gyzlary hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş sözlerini aýdyp, mähriban enelerimizi, gelin-gyzlary sarpalamagy, edýän aladasy üçin çäksiz minnetdarlygyny beýan etdiler.