Habar

2024-nji ýylyň 7-11-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň hem-de Döwlet gümrük gullugynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet Bütindünýä söwda guramasy tarapyndan guralan bazara girmek boýunça gepleşikleri geçirmegiň düzgünleri we ugurlary babatynda okuw maslahatyna gatnaşdy. Çäre, Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Bütindünýä söwda guramasyna goşulýan ýurt derejesine eýe bolan döwletleriň degişli hünärmenlerini gepleşikleri geçirmek işine taýýarlamak maksady bilen guralan bu okuw maslahatyna Türkmenistan bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Bagamynyň, Belarusyň, Butanyň, Yragyň, Liwiýanyň, Somaliniň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdy. 

        Okuw maslahatynyň dowamynda BSG-a agza bolmak boýunça işler alyp barýan ýurtlaryň wekillerine harytlaryň söwdasy boýunça gepleşikleri geçirmegiň ugurlary, köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçiriliş düzgünleri we maksatlary babatynda BSG-nyň bilermenleri tarapyndan öwredilýär. Maslahatyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň we Braziliýanyň BSG-da gepleşikleri alyp barýan wekilleri tarapyndan özleriniň tejribelerini paýlaşdylar we birnäçe maslahatlar berdiler.

      Türkmenistan 2022-nji ýylyň fewral aýynda BSG-a goşulýan ýurt derejesiniň berilmegi bilen bu ugurda işleri has-da işjeňleşdirdi. Häzirki wagtda BSG-a agza bolmak boýunça esasy taýýarlanylmaly resminamanyň, ýagny Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamanyň deslapky taslamasy BSG-nyň Sekretariaty bilermenleri we ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikde işlenip taýýarlanyldy, gutarnykly taslamasy jemlemek boýunça işler alnyp barylýar.