Habarlar

Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-koreý gepleşikleri geçirilýär
18 Apr
Aşgabatda ýokary derejeli türkmen-koreý gepleşikleri geçirilýär

2019-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Dabara Garaşsyzlyk meýdanyna boldy. Bu ýerde Koreýanyň Liderini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar. Prezident Mun Çže In ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. 

Iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi ýagdaýda surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.

Ýokary derejeli gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky özarahereketleri giňeltmegiň wajyplygy bellenilip geçildi. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine ýokary hormat goýulýar. Soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde 170-den gowrak türkmen talyplary bilim aldylar we okuwlaryny dowam etdirýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň biri hem sport bolup durýandyr. Türkmenistanda sportuň güýç sarp edilýän görnüşleri aýratyn meşhur bolup, olaryň arasynda koreý milli başa-baş söweşi bolan tekwando aýratyn orny eýeleýändir. Syýahatçylyk ugry boýunça hem giň gerimli mümkinçilik döredilýändir.   

Ýokary derejeli türkmen-koreý gepleşikleri tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.