2025-nji ýylyň 21-22-nji ýanwary aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Saparyň maksady 28.08.2024 senede gol çekilen Meýilnamasyny ýerine ýetirmek.
Wekiliýetiň iş sapary ikitaraplaýyn iş duşuşygyndan başlandy. Duşuşykda iki ýurduň Gümrük gulluklarynyň 2024-nji ýyldaky hyzmatdaşlygynyň netijeleri, Howdan-Bajgyran, Artyk-Lotfabad we Sarahs-Sarahs gümrük nokatlarynda özara hereketleriň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, iki ýurduň arasyndaky ýük dolanyşygynyň möçberini artmagynyň mümkinçilikleri, gümrük gözegçiliginiň netijeliligi hem-de harytlar babatynda gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar, Ygtyýarly ykdysady operatorlar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýüze çykarylan kada bozulmalary barada maglumat alyşmak we iki tarapdaky daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin gümrük kadalary barada okuw çärelerini geçirmek barada karar edildi.
Duşuşykdan soň myhmanlar Gümrük gullugynyň muzeý otagyna baryp, ýurdumyzda gümrük gullugynyň emele gelişiniň taryhy we onuň häzirki wagtda alyp barýan işi bilen tanyşdylar, soňra wekiliýet Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezine baryp gördi.
Eýranly gümrükçileriň Aşgabada iş sapary Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine we Halkara gümrük terminalyna baryp görmek bilen tamamlandy.