Habarlar

Aşgabatda pudaklaýyn sergi we halkara ylmy maslahat geçirildi
17 Maý
Aşgabatda pudaklaýyn sergi we halkara ylmy maslahat geçirildi

2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. TDH habar berýär. 

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň oba hojalygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler, oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy boýunça ylmy işlerde gazanylan üstünlikler we olaryň esasy ugurlary hem-de Arkalaşygyň giňişliginde agrosenagat toplymynyň beýleki derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle hem sergä we Halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde GDA-nyň simfonik orkestriniň konserti guraldy.