
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby gullukçylaryna gümrük işini giňişleýin öwretmek maksady bilen, ýörite 2 aýlyk okuw sapaklary başlandy. Bu okuw sapaklary ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barlyp, Türkmenistanyň Gümrük kodeksinden, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» we «Gümrük gullugy» hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryndan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, içerki düzgünnamalardan we görkezmelerden gelip çykýan wezipeler bilen bagly sapaklar ýaş hünärmenlere yzygiderli geçirilýär. Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk hukuk binýadyny çuňlaşdyryp öwrenýän ýaş hünärmenlere bulardan başga-da, harytlaryň resminamalarynyň taýýarlanylyşy, kartalaryň okalyşy, harytlaryň gümrük bahalarynyň kesgitlenilişi, gümrük töleg resminamalarynyň doldurylyşy, gümrük düzgünleri, gümrük ammary, gümrük serhedinden geçirilmäge rugsat edilen we edilmedik harytlaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň umumy borçlary, hukuklary we jogapkärçilikleri ýaly ugurlardan şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ähmiýetini içgin düşündirmek boýunça Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň halypa gümrük işgärleri tarapyndan giňişleýin okuw sapaklary geçirilýär. Şeýle-de ýaş harby gullukçylar nazary alan bilimlerini dürli gümrük nokatlarynda we beýleki degişli gümrük edaralarynda alnyp barylýan işler bilen ýerine baryp ýakyndan tanşyp, tejribe üsti bilen berkidýärler.
Ýaş harby gullukçylara geçirilýän bu okuw sapaklarynyň ýaşlaryň şäheri bolan «akylly» şäherde Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda geçirilmegi, olaryň bilim derejeleriniň we ukyp-başarnyklarynyň has-da ýokary bolmagyna, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmagyna hem-de gümrük işini çuňlaşdyryp öwrenmegine uly itergi berer.