Habar

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Bütindünýä gümrük guramasynyň mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça Ýewropadaky sebitleýin merkeziniň (ROCB Europe) başlygy we işgärleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri we Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy. ROCB Europe tarapyndan duşuşyga merkeziň başlygy jenap Antonio Lo Parco, jenap Mirhasan Seýidzade hem-de beýleki wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Bütindünýä gümrük guramasynyň Aşgabatdaky Sebitleýin okuw merkezini döretmek boýunça degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy okuw merkezine sebitleýin derejesiniň alynmagy bilen bagly öňde goýlan maksatlar we garaşylýan netijeleri barada belledi. Taraplar mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirip, Bütindünýä gümrük guramasynyň Aşgabatdaky Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmegi başlangyjynyň çäklerinde bilelikdäki işlere işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.