Habarlar
RSS

06.05.2022

Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady.

05.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

05.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.

04.05.2022

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

03.05.2022

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

02.05.2022

Halkymyzyň ýaşaýşy we dynç alşy üçin iň gowy şertleri döretmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Şu gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp bolýar.