News

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Ymamnazar» gümrük nokadyna bardy
30 Sen
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Ymamnazar» gümrük nokadyna bardy

2016-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ymamnazar gümrük nokadyna bardy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew hasabat berdi.   

Milli Liderimiz hasabaty kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bu düzümleriň işi hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlaryny diňledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ymamnazar gümrük nokadynyň işi hem-de tehniki üpjünçiligi, geçirilýän ýüklere gözegçilik etmek boýunça bu ýerde ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar bilen tanyşdy.

Lebap welaýatynyň  Atamyrat etrabynyň çäginde, türkmen-owgan serhediniň golaýynda ýerleşen bu gümrük nokady 2008-nji ýylda ulanmaga berildi. Onuň umumy meýdany 4 gektara barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde gözegçilik – geçiriş amallaryny ýerine ýetirmek, el goşlaryny içgin barlamak, ulag serişdelerini gözden geçirmek üçin ähli şertler bar. Terminal dünýäniň esasy tehniki serişdelerini öndürijileriň döwrebap rentgen enjamlary, kompýuter ulgamy, radiasion gözegçilik enjamlary, aragatnaşyk serişdeleri we beýleki enjamlar bilen üpjün edildi.   

Bu döwrebap gözegçilik-geçiriş nokady ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, döwletimiziň dostlukly owgan halkyna kömek bermäge çalyşmagynyň hem-de onuň ykdysadyýetini pugtalandyrmak babatda goldaw bermeginiň aýdyň netijesidir. Ymamnazar gümrük nokady arkaly Türkmenistandan Owganystana nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, beýleki ýükler hem-de beýleki ýurtlardan gelýän üstaşyr ynsanperwer ýükler we beýlekiler geçirilýär. Halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän bu desganyň işläp başlamagy bilen soňky ýyllarda daşalýan ýükleriň möçberi ep-esli artdy. 

Ymamnazar gümrük geçelgesiniň üsti bilen bir günüň dowamynda ortaça 250-300 ýük awtoulaglarynyň gümrük barlagyndan geçirilip resmileşdirilýändigi, ýylyň dowamynda bolsa 70 – 80 müňe çenli ýük awtoulaglarynyň hereketiniň bolýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, ýylyň dowamynda ortaça 600 müň tonna çenli harytlar geçirilýär. Olaryň 545 müň tonnasy eksport, 50 müň tonnasy üstaşyr, 5 müň tonnasy bolsa import gümrük düzgüninde resmileşdirilýän harytlardyr.  

Biziň ýurdumyzdan eksport edilýän harytlaryň hatarynda nebit önümleri (dizel ýangyjy, benzin, kerosin), karbamid, sement, bugdaý, suwuklandyrylan gaz, süýji-köke önümleri, buýan köki, dowarlaryň derileri, tehniki uglerod, pagta ýagy, saryja goýnunyň ýüňi we beýlekiler bar. Önümleriň birnäçe görnüşleri ýurdumyzyň üsti bilen Owganystandan Eýran, Türkiýe we Ýewropa döwletlerine üstaşyr geçirilýär.

Gümrük nokadynyň çäginde “Smith Detection” german  kompaniýasynyň “Gantry HCVG 6035 ViZion” diýen döwrebap enjamy ornaşdyryldy. Ol rentgen-telewizion enjamy bolmak bilen ýük awtoulaglarynyň gümrük barlagyny geçirmek üçin niýetlenendir. Ornaşdyrylan täze tehniki serişdeler uly ýükli awtoulaglary  içgin gözden geçirmäge mümkinçilik berýär. Işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy, şeýle hem olar üçin oňaýly durmuş şertleri döredildi. 

Milli Liderimiz döwletimiziň çägine adamlaryň saglygyna, jemgyýetiň howpsuzlygyna howp salýan harby harytlaryň bikanun getirilmeginiň öňüni almagyň hem-de şeýle ýükleriň biziň ýurdumyzyň çäginden bikanun üstaşyr geçirilmegine ýol bermezligiň wajypdygyny nygtady. Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ýollary hemişe dostluk, doganlyk we hoşniýetlilik ýollary bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen birlikde, gümrük gullugynyň işi hem-de bu ulgamda edilýän hyzmatlar dünýä tejribesinden umumy ykrar edilen kadalara we standartlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.  

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ünsi gullugyň işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň, ýaş harby gullukçylara tejribe hem-de bilim bermegiň, ýokary düzgün-nyzamlylygy görkezmegiň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerine, ata-babalarymyzdan gelýän belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýermegiň wajypdygyna çekildi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza getirilýän hem-de üstaşyr geçirilýän ýüklere gözegçiligiň güýçlendirilmegini, gümrük kadalarynyň bozulmagynyň öňüniň alynmagyny gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezdi.  

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem daşary ykdysady işe gatnaşýan adamlaryň arasynda gümrük kanunçylygy boýunça düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň, bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de ulanylmagynyň, iň täze tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi.

Harby gullukçylar milli Liderimize işlemek üçin ähli oňaýly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryna gyşarnyksyz eýerip, özleriniň harby borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.

Milli Liderimiz harby gullukçylar bilen söhbetdeşlikde Owganystan biziň iň ýakyn goňşymyzdyr, türkmen-owgan serhedi bolsa dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hakyky nusgasy bolup durýar diýip belledi. Häzirki döwürde şol gatnaşyklar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtlar, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.