Habar

Ýurdumyzda gümrük işini döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, daşary ykdysady işiň ösmegine ýardam berýän şertleri döretmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde, telefon arkaly, onlaýn sorag-jogap hyzmaty ýola goýuldy.

Bu hyzmatyň ýola goýulmagy bilen, daşary ykdysady işine, şol sanda daşary söwda işine gatnaşýan şahslaryň, gümrük serhedinden geçýän ýa-da geçmegi meýilleşdirýän raýatlaryň gümrük işi babatdaky soraglaryna şol wagt, onlaýn görnüşde jogap berilmegine mümkinçilik döredilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bu onlaýn hyzmaty, harytlar gümrük serhedinden geçirilende amala aşyrylýan gümrük amallary, şol sanda gümrük taýdan resmileşdirmek, tölenilýän gümrük tölegleri, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler barada döreýän soraglara jogap bermekden ybaratdyr.

Şol sanda, sorag-jogap hyzmatynyň üsti bilen,  Türkmenistanyň çägine getirilýän awtoulaglara bildirilýän talaplar, olaryň gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi üçin zerur bolan resminamalar, tölenilýän gümrük tölegleriniň her görnüşi we möçberleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

 

Sorag-jogap hyzmaty tölegsiz amala aşyrylýar.

Sorag-jogap hyzmatynyň iş wagty:

hepdäniň ýekşenbeden başga her güni, sagat 09:00-dan 17:00-a çenli

Sorag-jogap alyşmak üçin telefon belgisi: 39-41-39