24.05.2021
Eksport harytlaryň sany günsaýyn artýar
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde Türkmenistan diýarymyzyň at-abraýy dünýä ýaň saldy. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertleri, döwletimiziň ykdysady pudagy belent sepgitlere ýetirildi. Baky we Berkarar döwletimiziň ykdysadyýeti dünýä halklarynyň arasynda ösüşlere eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde oba hojalyk toplumynyň hem orny bar. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk harytlary diňe bir ýurdumyz üçin däl-de eýsem dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýarlar. Munuň esasy sebäbi hem Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hem oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigindendir.
07.05.2021
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sebitdäki döwletleriň gümrük edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny berkitmäge, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylykly hem-de umumy bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işler yzygiderli üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen sebitdäki döwletleriň gümrük edaralarynyň arasynda, ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda ylalaşyklar hem, munuň aýdyň mysallarynyň biridir.
29.04.2021
Türkmenistan - esasy ýod öndürijiligiň çeşmesidir
Türkmenistan ýod çykarmak boýunça dünýäde ilkinji orny eýeleýär, bu bolsa eksport ugry bilen himiýa pudagynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin zerur şertleri döredýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitinde minerallaryň uly mukdary bolan - nebit we gaz, ýod we brom önümlerine baýdyr. "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň sosial-ykdysady ösüşi üçin 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň" çäginde "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň işleýän “Hazar” we “Balkanabat” zawodlarynyň esasynda täze mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.
24.04.2021
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Pudagara iş toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekilleri hem-de BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň hünärmeni gatnaşdy. Mejlisiň barşynda gün tertibe laýyklykda, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň düzüm birlikleriniň guramaçylyk meselelerine seredildi. Şeýle hem, Taslama resminama gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly kanunçylyk-hukuk, maglumat tehnologiýalary we enjamlaýyn üpjünçilik binýadynyň hem-de eksport-import bilen bagly amallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
23.04.2021
Eksport döwletlilik gapysy
Ýurdumyzda eksport harytlarynyň we önümleriniň iň bir ösen innowasion tehnologiýalarda ýokary hilli, şeýle hem görnüşi taýdan köpdürli öndürilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup, ol gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň jogapkärçiligini has-da artdyrýar, gümrükhanalaryň döwrebaplygyna hem-de işiniň giň gerimliligine depginlilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzy ulaglaryň ähli görnüşlerini geçiriji we sazlaýjy merkez hökmünde ykrar edilmegini gazanmakdaky tutumly işleri barha rowaçlanýar. Türkmenistan sebitde we yklymlarda ulag-logistika merkezine öwrülmek bilen, ol söwda-ykdysady we senagat taýdan öz ornuny has-da berkleşdirýär.