Habarlar
RSS

05.06.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

05.06.2022

Toplumlaýyn çemeleşme gurluşyk işleriniň hiliniň we netijeliliginiň esasydyr

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda degişli ýolbaşçylar bilen maslahat geçirdi.

04.06.2022

Welosipede bagyşlanan täsin ýadygärlikler

Şu gün Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

04.06.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşdy

Düýn, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

03.06.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.

02.06.2022

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

Düýn asylly däbe görä, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu senäniň milli senenamamyzdaky baýramçylyklaryň hataryna girizilmegi Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygynyň, Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda tassyklanan esasy ugurlara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.