Habarlar
RSS

30.05.2022

Arşyň nepisligi — türkmen halysy

Düýn ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli birnäçe çäreler guraldy.

29.05.2022

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.

27.05.2022

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz şäherinde täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen ähmiýetli lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň – Köpugurly we Onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

26.05.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

26.05.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda dürli ulgamlardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady. Bu ýerde Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli garşylandy.

25.05.2022

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy “Altkom” maliýe-senagat toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.