21.05.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.
21.05.2022
Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy
Düýn Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi.
20.05.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna hem-de birnäçe meselelere garaldy.
20.05.2022
Türkmenistan — Tatarystan: Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi nazarlap
Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşdy we ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.
19.05.2022
Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda baýramçylyk çäreleri geçirildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň we Baş baýdagyň ýanynda şanly seneleriň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdy.
19.05.2022
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
Düýn ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.