Gümrük habarlary

Ozon zaýalaýjy maddalar boýunça tälim beriş okuwy
31 Iýul
Ozon zaýalaýjy maddalar boýunça tälim beriş okuwy

2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde hünär taýýarlygy boýunça gümrük işgärleri üçin ozon zaýalaýjy maddalaryň getirilmeginiň/çykarylmagynyň/üstaşyrynyň düzgünleşdirilmeginiň çygrynda hem-de ozon zaýalaýjy maddalary düzüminde saklaýan enjamlar barada tälim beriş okuwy geçirildi. Okuw «Monreal teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin institusional berkitme we Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn azaltamk Meýilnamasynyň amala aşyrylmagy» taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkeziniň işgärleri tarapyndan gurnaldy. 

Okuwyň barşynda Ozon zaýalaýjy maddalaryň ulanylýan her bir pudagy, has takygy sowadyjy enjamlar, köpürjikleýän maddalar, eredijiler, ot söndürijiler we howada gaýýan maddalar barasynda jikme-jik gürrüň edildi.

Ozon zaýalaýjy maddalaryň söwdasyna gözegçilik etjmek boýunça Gümrük gullugynyň öňünde duran wezipeler, ozon zaýalaýjy maddalaryň bikanun söwdasy, bikanun we kanuny söwdany saýgarmak, milli we halkara derejesinde ozon zaýalaýjy maddalaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak, ozon zaýalaýjy maddalaryň bikanun söwdasynyň hadysalary ýaly mowzuklar diňlenildi.

Şeýle-de okuwyň barşynda hladagentleri kesgitleýji atly enjam bilen işlemek boýunça amaly sapak hem geçirildi hem-de ballonda bar bolan hladagentiň markasyny onuň agramy boýunça kesgitlemegiň usuly görkezildi.

Türkmenistan Konwensiýa we Teswirnama goşulyşmak bilen, ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça öz goşandyny goşdy. Ozon gatlagynyň goragy çygryndaky halkara şertnamalarynyň kabul edilen pursatyndan Türkmenistan özüni halkara borçnamalaryny ýerine ýetirip, halkara güwänamalary bilen sylaglandy. 

Ozon gatlagyny gorap saklamak boýunça meselelerini çözmek boýunça dünýä jemgyýetiniň tagallalaryny goldamak bilen, Türkmenistan bu ugurda ähli halkara resminamalaryny kabul etdi. Ozon gatlagynyň goragy boýunça Wena konwensiýasy we ozon gatlagyny dargadýan Monreal teswirnamasy 1993-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Monreal teswirnamasyna London üýtgetmeleri 1994-nji ýylyň 15-nji martynda, Kopengagen, Monreal we Pekin üýtgetmeleri 2008-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda kabul edildi. Türkmenistan 2005-nji ýyldan bäri Monreal teswirnamsynyň 5-nji maddasynyň çäginde hereket edýän ýurduň derejesine eýedir we 2006-njy ýyldan bäri ýerine ýetirýär.