Habarlar

«Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergisi
30 Awg
«Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergisi

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat açyldy diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. Bu çäre ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Ukrainadan, Gresiýadan we beýleki ýurtlardan bu pudakda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň wekillerini, telekeçileri we işewürleri bir ýere jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça her ýyl geçirilýän bu çäreleriň esasy wezipeleri gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, häzirki zaman tehnologiýalaryny, geljegi uly taslamalary görkezmekden hem-de özara tejribe alyşmakdan, türkmen we daşary ýurt hünärmenleriniň arasynda täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde türkmen we daşary ýurt firmalary öz tekliplerini hem-de täzeliklerini görkezdiler. Daşary ýurtlularyň arasynda ýurdumyzyň öňden gelýän hem-de geljegi uly hyzmatdaşlary — taslama düzmekde, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini, enjamlary, abzallary we tehnikalary öndürmek ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalar bar.

Öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion taýdan ösmäge tarap ugur almak — hut şu ýörelgeler baş ugur bolup, ýöriteleşdirilen gözden geçirmäniň häsiýetini kesgitledi. Köptaraply sergi ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ägirt uly kuwwatyny, onuň önümçilik binýadynyň innowasion düzümini, şäher gurluşygynyň maddy-enjamlaýyn mümkinçiligini we binagärligi, häzirki zaman şäher we ulag düzüminiň kemala gelşini aýdyň görkezýär.