Gümrük habarlary

BOMCA-9 Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy toparyň nobatdaky Duşuşygy geçirildi
13 Sen
BOMCA-9 Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy toparyň nobatdaky Duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Arçabil myhmanhanasynda BOMCA-9 Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy toparyň dördünji Duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Maksatnamanyň Türkmenistandaky esasy hyzmatdaşlary bolan Türkmenistanyň daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle hem Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistanda akkreditirlenen Ilşçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Duşuşygyň maksady - BOMCA-9 Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Taslamanyň tamamlanmagy bilen baglylykda Jemleýji hasabaty taýýarlamak bolup durýar. 

Maksatnamanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýan milli edaralaryň wekillerinden düzülen Milli utgaşdyryjy toparlar Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň herisinde döredilip, bu topar ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirip durýar. 

BOMCA-9 Maksatnamasy Merkezi Aziýada öz işini 2003-nji ýylda başlady we serhetleri dolandyrmakda Merkezi Aziýanyň  döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz goşandyny goşýar.