Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etd
17 Sen
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etd

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren sanly ulgam arkaly wideokonferensiýasynda Wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň hasabat berşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy habar berýär. 

Şunuň bilen birlikde, mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.

HYF-nyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň netijeleri Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynda öz beýanyny tapdy. Şol resminama 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi hem-de BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi bu şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza Watanymyzyň gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.