Gümrük habarlary

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň (BOMCA 9) sebitleýin ýolbaşçysy Maris Dominşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk
13 Sen
Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň (BOMCA 9) sebitleýin ýolbaşçysy Maris Dominşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň (BOMCA 9) sebitleýin ýolbaşçysy Maris Dominşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga wekiliýetiň düzüminde Maksatnamanyň gümrük böleginiň ýolbaşçysy Wigantas Paýgozinas, Riganyň Tehniki uniwersitetiniň professory Normunds Rudzitis, Maksatnamanyň Türkmenistandaky utgaşdyryjy  R.Berdiýew gatnaşdylar. 

Duşuşuygyň maksady Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy (BOMCA 9) tarapyndan geçirilen çäreleriň netijeleri boýunça berlen maslahatlaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak bolup durýar. 

Maksatnamanyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasy (BOMCA 9) bilen bilelikde amala aşyrylan çäreleriň Meýilnamasy boýunça Gümrük gullugynda ýerine ýetirilen işlere ýokary baha berdiler. 

Şeýle hem, bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň 10-njy tapgyryny dowam etmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, taslama gatnaşýan döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň taýýarlanylmagy zerur bolup durýar. 

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň  mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.