2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça Sebitleýin okuw merkezleriniň iş duşuşygyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu iş duşuşygy özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribeleri hem-de bilelikdäki başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Duşuşygyň dowamynda Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri geçirilýän okuw çäreleri barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça edarasy (WCO ROCB), Bütindünýä gümrük guramasy hem-de beýleki halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mysallary görkezildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar okuw zerurlyklaryny kesgitlemek we seljermek boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar. Mundan başga-da, 2026-njy ýyl üçin meýilnamalar, taýýarlygyň esasy ileri tutulýan ugurlary hem-de geçiriljek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle çemeleşme sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge we okuw maksatnamalarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde 29–30-njy aprelde Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Sebitleýin okuw merkezleriniň duşuşygyna degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, degişli taraplara öňünden iberilen çakylyklara laýyklykda geçiriljek bu duşuşygyň dowamynda sebitleýin okuw merkezleriniň arasynda geljekki hyzmatdaşlygyň meseleleri tegelek stoluň başynda ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw Merkezi geçen ýylyň iýun aýynda resmi taýdan Bütindünýä gümrük guramasynyň Sebitleýin Okuw Merkezi hökmünde ykrar edildi we munuň özi halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we hünärmenleri taýýarlamak derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açdy.