Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçýän günlerinde şatlykly wakalaryň sany artýar. Şolaryň birisi Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň açylmagy boldy.
Ýaşaýyş-durmuşymyzyň eşretlere beslenmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan özgerişlikleri her bir şähere, her bir adamyň ýaşaýşyna ýakymly täsirini ýetirýär. Munuň özi oba-şäherlerimiziň daş keşbinde hem, ýaşaýjylarynyň ykbalynda hem mese-mälim görünýär. Şeýle bagtly pursatlar körpe neslimiziň durmuşynda hem örän köp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň çäginde Farap etrabynyň Farap şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi hem hormatly Prezidentimiziň çagalara niýetlän bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi boldy. Çagalar mähriban Arkadagymyzyň sowgadyny uly hoşallyk duýgulary bilen garşyladylar.
Farap etraby 2016-njy ýylda «Ýylyň iň gowy etraby» diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz tarapyndan ABŞ-nyň1 million dollary bilen sylaglanyldy. «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi hem şol serişdäniň hasabyna guruldy. Gurluşygyň baş potratçysy Türkmenabadyň «Demirbetonönümleri» kärhanasy bolup, «Jemşidiň jamy» hususy kärhana bolsa kömekçi potratçy boldy. Täze seýilgäh 1,5 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu ýerde çagalaryň boş wagtlaryny şadyýan we many-mazmunly geçirmekleri, dynç almaklary üçin örän amatly şertler döredildi. Seýilgähde oýun enjamlarynyň 11-si gurnaldy. Seýilgähde 46 orunlyk kafe, ata-eneleriň dynç almaklary üçin ýörite ýerleriň 5-si, oýun zaly we başga-da dürli maksatly binalar ýerleşýär. Gijelerine bu owadan seýilgähiň yşyklary çar ýana gözellik we şatlyk paýlaýar. Çagalar we olaryň ata-eneleri bu seýilgähi gurdurandygy üçin Gahryman Arkadagymyzdan hoşal bolýarlar.
Habar
Habarlar
Gümrük maglumatlary
Gümrük tölegleri
Şahsy taraplar üçin
Ýuridiki taraplar üçin
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary