Habarlar

«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili»
15 Ýan
«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili»

14-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde sagdyn durmuş ýörelgesiniň meselelerine bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi.

    Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaarlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň,  ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ähli welaýatlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sport ulgamynyň işgärleri hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

    2016-njy ýylyň başynda geçirilen bu çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara tarap ýolunda häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşinde ruhy we beden taýdan sagdyn, sazlaşykly nesli kemala getirmegiň esaslaryny goýmakda gazanan uly üstünliklerini beýan etmekdir. 

    Ýurdumyzda milletiň saglygyny berkitmek, her bir aýratyn maşgalanyň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän iri möçberli işler barada gürrüň berýän ýörite guralan sergi bu ýolda gazanylan ýokary netijeleri aýdyň görkezýär. 

    Maslahatyň başynda ýurdumyzda neşe serişdelerini getirmegiň öňüni almak, hususan-da, bu iş bilen meşgullanýan jenaýatçy toparlary saklamak, gadagan edilen harytlary getirmek arkaly ýeňil eklenji maksat edinenleri ýüze çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän çynlakaý çäreler barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

    Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlaryň arasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, belli artistleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, mähriban Watanymyzy wasp edýän watansöýüjilikli mazmundaky aýdymlara aýratyn orun berildi.

    Çykyşlarda bellenilişi ýaly, heniz garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda yglan edilen “Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy” şygary türkmenistanlylaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Halkyň saglygy we abadançylygy, onuň mynasyp hem-de bagtyýar durmuşy baradaky alada, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn, döredijilikli, durmuş ugurly, aýratyn bir ýurduň çäklerinden çykyp, ählumumy howpsuzlyk bähbitlere gönüden-göni täsirini ýetirýän häzirki döwrüň iň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.