Türkmenistan Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýasyna (Kioto konwensiýasy) goşulyşdy. 2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistanyň Kioto konwensiýasyna goşulmak baradaky resmainamanyň asyl nusgasyny Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa gowşurdy. Jenap Kunio Mikuriýanyň bu resminamany kabul etmegi bilen, Türkmenistan bu konwensiýanyň 126-njy agzasy boldy.
Gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak baradaky halkara konwensiýasy 1973-nji ýylda Kioto şäherinde gol çekildi. 1999-njy ýylda Brýusselde Bütindünýä gümrük guramasy konwensiýanyň täze redaksiýasyny tassyklady. Konwensiýanyň täzeden seredilen redaksiýasy 40 sany döwletiň ratifisirlemeginden soňra, 2006-njy ýylyň 3-nji fewralynda güýje girdi.
Kioto konwensiýasy gümrük işi babatda ähliumumy halkara hukuknamasy bolup, ol gümrük işi bilen bagly ähli meseleleri öz içine alýar. Onuň esasy ýörelgeleri ýönekeýleşdirilen gümrük amallarynyň ulanylmagyndan, ýokary derejede maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanylmagyndan, gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamynyň ornaşdyrylmagyndan, işewürler we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamakdan we beýleki birnäçelerdir.