Habar

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň tassyklanmagy bilen ýurdumyzyň telekeçilerine daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler açyldy. Şeýle harytlaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlar kesgitlenilip, senagat, gündelik sarp edilýän we azyk önümlerini ýerli önümçilikler bilen çalyşmagyň üstünde işler geçirilip oňyn netijeler gazanyldy. Ahal welaýat gümrükhanasynda eksport gümrük düzgüninde resmileşdirilýän harytlaryň görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.  

 

Soňky birnäçe döwüriň içinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk  paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagynyň 158-nji ýer böleginde köp maksatly önümçilik işlerini amala aşyrýan telekeçi M.Orazow tarapyndan öndürilýän durmuşda ulanylýan ýuwujy serişdeleriň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberi has hem artýar.  «MONA» söwda belgilisi astynda öndürilýän bu ýuwujy serişdeleriň görnüşleri hem artýar.  Olar çygly we gury el süpürgiçleri, hajathana kagyzy, suwuk sabynlar,  gap-gaç ýuwujy serişdeler, şampunlar, duş gelleri, egin-eşik ýuwulýan tozy we ş.m.  

Döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyny goramak, Türkmenistanyň daşary söwdasyny we milli ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek ýaly möhüm wezipeleri amala aşyrýan ýurdumyzyň gümrük edaralary ýurdumyzyň gümrük serhedinden harytlaryň çalt geçirilmegi üçin gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek uly işleri amala aşyrýar. Bu ugurda gümrük işiniň sanlylaşdyrmylmagyna, gümrük edaralarynyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine giň orun berilýär. 

Ahal welaýat gümrükhanasy hem bu işlerden çetde galman, öz iş çäginde işleri yzygiderli esasda amala aşyrýar.