Habar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde Türkmenistan diýarymyzyň at-abraýy dünýä ýaň saldy. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertleri, döwletimiziň ykdysady pudagy belent sepgitlere ýetirildi. Baky we Berkarar döwletimiziň ykdysadyýeti dünýä halklarynyň arasynda ösüşlere eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde oba hojalyk toplumynyň hem orny bar. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk harytlary diňe bir ýurdumyz üçin däl-de eýsem dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýarlar. Munuň esasy sebäbi hem Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri hem oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigindendir. 

Oba hojalyk önümleriniň dünýä bazaryna çykarylmagynda hususy telekçileriň paýy hem uludyr. Muňa mysal edip Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 15-nji maýyndaky “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” 14246-njy belgili kararyna laýyklykda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň ýaşaýjysy telekeçi Rozyýew Batyr özüne berkidilen 5,0 ga ýer böleginde öndürijilik kuwwaty ýylda 1000 tonna pomidor ýetişdiriljek döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrlan ýyladyşhananyň gurluşygyny alyp barmagy, öndürijilik kuwwaty bir ýylda almanyň umumy mukdary 125 tonna deň boljak miweli bagy ösdürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýetişdirilen gök we bakja önümleri daşary ýurtlara eksport edilmegi meýilleşdirilýär. 

Hususy telekçiler işlemäge şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.