Habar

2022-nji ýylyň 29-31-nji marty aralygynda «Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMKA)» maksatnamasynyň çäklerinde gibrid görnüşinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük we serhet gulluklarynyň okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň sebitleýin maslahaty geçirildi.

Maslahat BOMKA maksatnamasyna agza bolan döwletleriň gümrük, serhet, migrasiýa gulluklaryndan okuw edaralarynyň wekilleriň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda gibrid görnüşinde geçirildi.

Üç günlik çäräniň dowamynda, oňa gatnaşyjylar öz gulluklarynyň Okuw merkezlerinde alnyp barylýan işler, okuw işleriniň guralyşy, ulanylýan okuw maksatnamalary barada tanyşdyryp, öz tejribeleri bilen paýlaşdylar hem-de olaryň netijeleri boýunça pikir alyşmalar guraldy. 

Şeýle-de, maslahatda Serhetleri dolandyrmak ugurda tälimçileri taýýarlamak üçin usulyýeti ösdürmek meselesi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük we serhet gulluklarynyň okuw merkezleriniň ýolbaşçylarynyň konsorsiumyny döretmek meselesi ara alyp maslahatlaşyldy. 

Çäräniň tamamlanmagy bilen oňa gatnaşyjylara güwänamalar gowşuryldy.