Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
14 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň biziň ýurdumyzda diplomatik işi tamamlanýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jawhar Izamowy kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn goňşulary, şol sanda diňe bir geografiki taýdan ýakynlyk däl, eýsem çuňňur taryhy kökleri, umumy medeniýeti, dili, iki doganlyk halklaryň däp-dessurlarynyň umumylygy bolan Özbegistan bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ilçä Türkmenistanda alyp baran netijeli işi we deňhukuklylyk, özara bähbitli esasda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek hakynda pikir alyşmalar boldy. Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, oba hojalygy, syýahatçylyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgamyna degip geçmek bilen, medeniýet, bilim we ylym ugurlarynda netijeli gatnaşyklaryň wajypdygy bellenildi.