2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük we serhet gulluklary üçin bäş günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýat gullugyna (UNODC) sebitleýin edara tarapyndan gurnaldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri okuw maslahatyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.
Okuw maslahaty Merkezi Aziýanyň töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça tejribeli sebitleýin hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Okuwyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar howply bolup biljek töwekgelçilikleri dolandyrmak babatda nazary bilimler bilen tanyşdylar, şeýle-de dürli gurallaryny ulanmak arkaly töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça özlerinde bar bolan bilimini we endiklerini berkitmäge mümkinçilik gazandylar.
Bu okuw maslahaty Birleşen milletler guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk müdirliginiň “Transmilli guramaçylykly jenaýatlara we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş hem-de terrorçylygyň öňüni almak” atly kiçi maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Bu maksatnama transmilli guramaçylykly jenaýata, bikanun neşe söwdasyna we terrorçylyga garşy has netijeli göreşmäge, şeýle hem Merkezi Aziýada pudagara we serhetüsti hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.